+993 65 81 48 71; +993 62 53 89 98

Biz barada

Betondan mermer tehnologiýasy boýunça taýynlanan ýan-ýoda plitalary we bezeg plitalary.

Kompaniýa barada

“Erjel-Begenç” hususy kärhanasy 2011-nji ýylda esaslandyryldy. Biziň kärhanamyzda 100-e golaý görnüşde önümlerimiz öndürilip olar 3 ugur boýunça hereket edip: 1. Ýan-ýoda plitalary 2. Diwar plitalary 3. Ýan-ýoda bort (bordýur) daşlary öndürilýär. Her ugurda 30 – 35-e golaý görnüşlere bölünýär. Öz öndürýän önümlerimiziň aýratynlygy boýunça özüniň berkligi bilen ýokary hilliligi bilen sowuk we yssy howalarda öz durnuklylygyny saklap bilýär, uzak wagtlap öz durkuny ýitirmeýär. 

Biziň önümçüligimiz Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşip örtgi plitalarynyň täze önümçiligini özleşdirmek maksady bilen, ýanýoda we bordýur üçin niýetlenen plitalaryň 3 görnüşini, seýle hem “side-by-side” diwarlar üçin bezeg panelleriň önümçiligini ýola goýdy. Şeýle hem biz önümlerimizi müşderilerimiziň islegleri boýunça saýlan reňklerine we görnüşlerine görä isleglerini kanagatlandyrýarys. 

Soňky ýyllarda ýan-ýoda plitalary amatly bahasy we öndürijilik aýratynlyklary sebäpli meşhur boldy. Köçeleri, meýdançalary we meýdançalar üçin niýetlenendir. Ýan-ýoda plitalarynyň daşky gurşawa arassalygy we çydamlylygy boýunça asfaltdan tapawudy köpdür.

2015-nji ýylda ýagny, Hormatly Prezidentimiziň № 14246 karary esasynda, Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek maksatnamasy esasynda, öndürýän önümlerimiziň gerimini giňeltmek maksady bilen täze zaman ýaşaýyş toplumynyň gündogar tarapyndan berlen ýer bölekleri berildi we  şol ýerde kärhanamyzyň gurluşygyna başlap, 2018-nji ýylda bolsa täze önümçilik kärhanamyz täze işe başlady. 

Esasan hem ýene belläp geçmeli zatlarymyzyň biri öndürýän önümlerimiziň ýerli çyg mallardan öndürmegi müşderilerimize elýeter bolmagyna getirýär. Şeýle hem ýurdumyzyň söwda bazarlarynda söwda dükanlarynda elýeter bahadan görmek bolýar. Esasan hem içki bazarlarymyzy üpjün edip, artan bölegini bolsa daşky bazarlara çykarmagy meýilleşdirýäris. 

Ýerleşýän ýeri

Gurtly ýaşaýyş Jaý toplumu 550 jaý, Aşgabat şäheri, Türkmenistan (Sergi)

 

Iş wagty
08:00 – 20:00    
    Iş günleri:   
    Duşenbe – Ýekşenbe
Biz bilen habarlaşmak

Telefon belgilerimiz:

+993 65 81 48 71; +993 62 53 89 98
Elektron salgymyz: info@erjelbegench.com